Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Çap edildi 28.05.2017
1391

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident! Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Size tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollamak mende uly şatlyk duýgusyny döredýär. Taraplaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde, özbek-türkmen strategiki hyzmatdaşlygynyň ýetilen derejesi diňe bir iki döwletiň bähbitlerine däl-de, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň halklarynyň ösüşiniň, abadançylygynyň we durnuklylygynyň bähbidine hyzmat eder. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda taryhy taýdan emele gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine ynanýaryn. Mümkinçilikden peýdalanyp, Beýik Biribardan Size berk jan saglyk hem-de bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we ösüş dileg edýärin. Hormatlamak bilen, Şawkat Mirziýoýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti. **** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize iberen mähirli gutlaglaryma Iordaniýa Haşemit Patyşalygynyň halky we hökümeti hem goşulýar. Size jan saglyk we bagt arzuw edýärin. Meniň doganlyk türkmen halkyna dowamly gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Abdulla II, Iordaniýa Haşemit Patyşalygynyň Patyşasy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow