Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Ak şäherim Aşgabat» atly XVI köpugurly halkara sergisine gatnaşyjylary gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Ak şäherim Aşgabat» atly XVI köpugurly halkara sergisine gatnaşyjylary gutlady
Çap edildi 24.05.2017
1984

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XVI köpugurly halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Her ýylyň 25-nji maýynyň «Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Şu mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergisini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. «Ak şäherim Aşgabat» atly XVI köpugurly halkara sergisi türkmen paýtagtynyň şäher gurluşygy babatda gazananlaryny we Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyň görkezer. Bilşimiz ýaly, bu sergi häzirki döwürde ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýan özgertmeleriň gerimini äşgär edýär. Çünki Aşgabady ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda düýbünden täze keşbe eye bolan paýtagtymyzyň çäkleri täze döredilen etraplaryň, gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat we seýilgäh zolaklarynyň hasabyna barha giňelýär. Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda bu halkara sergisinde hödürlenýän taslamalaryň aglabasy boýunça bu günki gün şäherimizi bezeýän ajaýyp binalar we toplumlar guruldy. Şol belent ymaratlar baş şäherimiziň görküni has-da artdyrdy. Türkmen paýtagty ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary dine bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm oma eye bolýar. Şu gezekki sergi ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň we düzümleriň täze teklipleri we gazananlary bilen tanyşdyrylýan meýdança öwrüler. Olar Aşgabadyň senagat, medeni we aň-bilim kuwwaty, onuň durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrar. Şu ýylyň güýzünde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Aşgabat şäherinde geçirilmegi bilen baglylykda, sergide türkmen paýtagtynyň bu sport baýramçylygyna görýän taýýarlygyny şöhlelendirýän diwarlyklaryň aýratyn täsirli boljakdygyny bellemek zerur. V Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleriniň ýokary netijeleri gazanmak bilen, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýetilýän belent sepgitleriň gerimini has-da giňeltjekdiklerine berk ynanýaryn! Paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynda Aşgabady dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin has amatly şäherleriniň birine öwürmek göz öňünde tutulýar. Bu belent maksadyň türkmen paýtagtynda geçirilýän şu serginiň dowamynda dolulygyna öz beýanyny tapjakdygyna berk ynanýaryn! Sizi «Ak şäherim Aşgabat» ally XVI köpugurly halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, paýtagtymyzyň barha gözelleşmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow