Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
Çap edildi 23.05.2017
1304

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andreas Friganasdan ynanç hatyny kabul etdi. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili ýurdumyzyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan giň halkara hyzmatdaşlyk şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Ilçä milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň barşy hem-de dürli ulgamlarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylýan milli we halkara ähmiýetli taslamalar barada hem gürrüň berildi. Iki dostlukly döwletiň ykdysady taýdan gülläp ösmegine hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga ýardam etjek hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Gresiýanyň ilçisi öz ýurdunyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Mejlisiň kanunçykaryjylyk işi barada hem aýratyn durlup geçildi. Şol iş bolsa ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda döwlet gurluşynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, demokratik özgertmeleri üstünlikli ilerletmäge gönükdirilendir. Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we parlamentara gatnaşyklary giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara türkmen-grek gatnaşyklaryny ýola goýmagyň maksadalaýyklylygy bellenildi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow