Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi
Çap edildi 22.05.2017
1424

Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete Halk wekilleriniň ählihytaý ýygnagynyň başlygynyň orunbasary, onuň Hemişelik komitetiniň baş sekretary jenap Wan Çen ýolbaşçylyk edýär. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilmegine ýardam berýän parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Bu hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň 2013-nji we 2014-nji ýyllarda amala aşyran özara döwlet saparlarynyň barşynda iki ýurduň Liderleri tarapyndan ylalaşylan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meýilnamasy nukdaýnazardan möhüm häsiýete eýe bolýar. Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi hyzmatdaşlygy pugtalandyrdy hem-de onuň täze ugurlaryny, şol sanda ulag-üstaşyr geçelgeleri, energetika we senagat, ynsanperwer ugurlaryny kesgitledi. Iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde iki ýurduň parlamentleriniň arasynda gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berýän şertnama-hukuk binýadyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň amala aşyrylýandygy bellenildi. Muňa parlament wekiliýetleriniň yzygiderli geçirýän duşuşyklary we özara saparlary hem-de Türkmenistanyň Mejlisi bilen HHR-iň Halk wekilleriniň ählihytaý ýygnagynyň parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmegi hem şaýatlyk edýär, bu toparyň işi okgunly ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň kanunçylyk esaslarynyň kämilleşdirilmegine ýardam berer. Gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin iki halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk, ynam we özara düşünişmek ýörelgeleri ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär, bu gatnaşyklar dürli derejede yzygiderli geçirilýän netijeli gepleşikler bilen berkidilýär. Muňa şu ýyl Türkmenistanda we Hytaýda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki çäreleriň çäklerinde geçirilen ylmy-amaly maslahat, medeni çäreler we sport ýaryşlary şaýatlyk edýär. Şu ýylyň sentýabrynda türkmen paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň meselesine aýratyn üns berildi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow