Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň topary ýene bir bürünç medaly gazandy
Sport
Türkmenistanyň topary ýene bir bürünç medaly gazandy
Çap edildi 21.05.2017
2881

Azerbaýjanyň paýtagtynda dowam edýän IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda şu gün Türkmenistanyň topary ýene bir bürünç medala eýe boldy. 56 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Annageldi Agamyradow uşu boýunça bäsleşikde şeýle üstünlik gazandy. Biziň ildeşimiz öz çykyşyny çärýek finalda iordaniýaly türgen Hamza Ýahýa bilen duşuşykdan başlady, şonda A.Agamyradow çekeleşikli bäsleşikde üstün çykdy. Emma finala çykmak ugrundaky tutluşykda türkmen türgeni eýranly Mahdi Mohammadiden asgyn gelip, bürünç medal bilen oňmaly boldy. ... Şu gün biziň basketbolçylarymyz we tennisçilerimiz dördünji orny eýelediler. Basketbol boýunça zenanlar ýygyndy toparymyz bäsleşikleriň toparlaýyn tapgyrynda üstünlikli çykyş edip, çärýek finalda Siriýanyň ýygyndy topary bilen duşuşdy. Duşuşygyň esasy wagty deňme-deň tamamlandy. Goşmaça wagtyň ilkinji minutlarynda Türkmenistanyň ýygyndy topary 16:14 hasabynda öňe çykmagy başardy. 10 utuk gazanan toparymyzyň iň netijeli basketbolçysy Aýna Gökowanyň geçiren topy ýeňşe getirdi. Erkekler ýygyndy toparymyz çärýek finalda Maliniň topary bilen duşuşdy. Oýun biziň türgenlerimiziň 13:10 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy. Toýly Baýryýewiň we Maksim Otboziniň her biri alty utuk gazandy. Rustam Bagşyýew hem bir topy tora oklamagy başardy, goragda Aleksandr Paşkow netijeli oýnady. Türkmen tennisçileri Anastasiýa Prenko we Jahan Baýramowa zenanlaryň arasynda jübüt bäsleşiklerde dördünji orny eýelediler. Çärýek finalda olar Eýran Yslam Respublikasynyň toparyndan (6:4, 5:7, 1:0) hasabynda üstün çykdylar. Ozal habar berlişi ýaly, türkmen tennisçi gyzlary Güljan Muhammetgulyýewa bilen bilelikde toparlaýyn ýaryşlarda bürünç medallara mynasyp bolupdylar. 22-nji maýda IV Yslam raýdaşlyk oýunlary tamamlanýar. Şol gün Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň çykyşlarynyň netijeleri jemleniler, biziň türgenlerimiz jemi 13 medal – iki altyn, dört kümüş we ýedi bürünç medal topladylar, bu netije olara umumytoparlaýyn hasapda 15-nji orny üpjün etdi.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow