Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen göreşi sportuň olimpiýa görnüşi derejesine dalaş edýär
Sport
Türkmen göreşi sportuň olimpiýa görnüşi derejesine dalaş edýär
Çap edildi 21.05.2017
2692

18 — 21-nji maýda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde türkmen göreşi boýunça Afrikanyň ilkinji çempionaty geçirildi, şeýle hem Afrika yklymynyň Göreş federasiýasy döredildi. Çempionata 10-dan gowrak ýurtdan türgenler gatnaşdylar. Ýaryşlar erkekler üçin üç agram derejesinde, zenanlar üçin üç agram derejesinde guraldy. Bäsleşiklere Türkmenistanyň Guşakly göreş milli federasiýasynyň wekilleri eminlik etdiler. Türkmen göreşiniň dünýäde giňden ýaýrap başlamagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty, şol sanda onuň milli göreş görnüşini ösdürmäge berýän uly ünsüniň netijesidir. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy dünýä sport giňişligine işjeň goşmak babatynda öňde goýlan wezipelerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan halkara we milli sport guramalary bilen hyzmatdaşlykda göreş boýunça yklym federasiýalaryny döretmek hem-de sportuň bu görnüşini Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Bütindünýä göreş federasiýasynyň hyzmatdaşlygy netijesinde dünýäniň ýigrimiden gowrak ýurdundan sportuň bu görnüşi boýunça Milli federasiýalar döredildi. Olaryň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, şol gatnaşyklaryň bir görnüşi sebitleýin ýaryşlaryň guralmagydyr, munuň özi türkmen göreşiniň dünýä sport giňişliginde meşhurlyga eýe bolmagyna ýardam berýär. 2017-nji ýylyň mart aýynda Litwa Respublikasynda Ýewropa göreş federasiýasy döredildi. Eýýäm 29-njy aprel — 2-nji maý aralygynda Serbiýa Respublikasynyň Nowi-Sad şäherinde yklymyň taryhynda ilkinji gezek 10 ýurtdan: Belarusdan, Azerbaýjandan, Latwiýadan, Estoniýadan, Litwadan, Polşadan, Serbiýadan, Gruziýadan, Ukrainadan hem-de Russiýadan türgenleriň gatnaşmagynda türkmen göreşi boýunça Ýewropanyň çempionaty guraldy. Bu ýaryşlar 70 we 90 kilogram agram derejelerinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri Guşakly göreş boýunça bütindünýä komitet, şeýle hem 2015-nji ýylda döredilen hem-de edara binasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Bütindünýä göreş federasiýasy bilen hyzmatdaşlykda türkmen göreşini dünýäniň dürli künjeklerinde wagyz etmek boýunça yzygiderli işler alyp barýarlar. Şu ýylyň maý aýynyň başynda Günorta Amerikada hem göreş federasiýasynyň döredilendigi baradaky şatlykly habar gelip gowuşdy. 2017-nji ýylyň aýagynda göreş boýunça bu yklymyň ilkinji çempionatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da göreş boýunça bäsleşikler 2017-nji ýylyň iýul aýynda Polşanyň Wroslaw şäherinde geçiriljek Bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow