Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlara gatnaşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlara gatnaşdy
Çap edildi 21.05.2017
1413

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň çägindäki Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji orta mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogynda bolup, döwlet Baştutanymyz özüniň raýatlyk borjuny ýerine ýetirmek üçin, ilkinjileriň hatarynda ses bermek çäresine gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, saýlaw möwsümi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetini we döwletini demokratiýalaşdyrmak ýagdaýyny yzygiderli ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň nobatdaky tapgyry bolup durýar. Saýlawlaryň giň bäsdeşligi we aýdyňlygy oňa halk ynamyna mynasyp bolan birnäçe dalaşgäriň gatnaşmagyny kepillendirýär. Saýlaw işleriniň açyklygy we aýdyňlygy oňa milli synçylaryň gatnaşmagyny şertlendirýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýä tejribesinde giňden ulanylýan demokratik ýörelgeler ak ýürekli, zähmetsöýer, ýokary guramaçylyk ukyby, durmuş we raýatlyk işjeňligi bolan, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna we rowaçlygyna gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary ýerine ýetirmek ugrunda ähli tejribesini we bilimini gaýgyrmaýan mynasyp adamlaryň saýlanmagyny üpjün edýär. Şu gün ýurdumyzda geçirilen saýlawlar Watanymyzyň demokratik özgertmeleriň we halk häkimiýetliliginiň dabaralanmasynyň ýoly bilen ynamly gadam urýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow