Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hazaryň türkmen kenarynda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi
Syýasy habarlar
Hazaryň türkmen kenarynda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi
Çap edildi 20.05.2017
1437

Awaza"" Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetleri ikiçäk görnüşinde we giňişleýin düzümde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň giň meseleler toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň baştutanlary syýasy ulgamda hyzmatdaşlyk meselelerini, hususan-da halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde sebitdäki we Aziýa yklymyndaky ýagdaýlary kadalaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak gepleşikleriň aýratyn meselesi boldy. Şeýle hem türkmen we özbek liderleri netijeli söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa we beýleki ulgamlarda ikitapaplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni-ynsanperwer we ylmy ugur boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Taraplar bu ulgamlarda çäreleri – iki ýurduň medeniýet günlerini, döredijilik, ylmy forumlary geçirmek barada ylalaşdylar. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmen we özbek türgenleri ýurtlaryň ikisinde geçirilýän ýaryşlara hem işjeň gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu iri ýaryşlara Özbegistanyň wekilçilikli toparynyň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow