Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Syýasy habarlar
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Çap edildi 20.05.2017
1362

Ikitaparlaýyn Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Taraplar gepleşikleriň netijelerine, gazanylan ylalaşyklara hem-de gol çekilen resminamalara ýokary baha berdiler. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň jemlerini teswirlemek bilen, taraplaryň ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Merkezi Aziýada we goňşy ýurtlarda özara ynam we düşünişmek ýagdaýynyň kemala gelmegine ýardam bermäge isleg bildirýändikleri bellenildi. Türkmenistan bilen Özbegistan özbaşdak daşary syýasaty geçirýärler, birek-biregiň daşary syýasat meselelerinde ileri tutýan ugurlaryny we maksatlaryny, olary durmuşa geçirmegiň usullaryny we gurallaryny saýlap almakda özygtyýarly hukugyna hormat goýýarlar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Biziň ýurtlarymyz sebitde bolup geçýän ýagdaýlaryň oňyn ösüşine ýardam bermek, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bu sebitde ygtybarly parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň kemala gelmegine ýardam bermekde bir bitewi garaýyşlara eýedir. Türkmenistan bilen Özbegistan Owganystandaky ýagdaýa uly üns berýärler. Häzirki wagtda Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň tiz depginler bilen dikeldilmegi, bu ýurduň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen möhüm ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagy örän zerurdyr. Şundan ugur alyp, iki ýurt hem Owganystanyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Owganystandaky ýagdaý baradaky meselelere garalandyyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň goňşy döwletde parahatçylyk döredjilikli işleriň geçirilmegi, Owganystanyň sebit we halkara ykdysady işlerine netijeli goşulyşmagy ugrunda üýtgewsiz çkyş edýändigini beledi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine habar berlişi ýaly, iki ýurduň söwda-ykdysady ulgamda okgunly hyzmatdaşlyk etmegi şu günki duşuşygyň barşynda ara alyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Taraplar geljegi uly täze ugurlara çykmagyň möhümdigi barada bir umumy pikire gelmek bilen iki ýurduň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumda gatnaşyklary ösdürmäge ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Iki ýurduň özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, senagatda kooperasiýalaşdyrmak, hyzmatlar ulgamynda, obasenagat toplumynda, iki ýurduň işewürlik toparlarynyň ugry boýunça bilelikdäki iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Energetika we ulag türkmen-özbek hyzmatdaşlygymyzyň strategiki ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Türkmenistan bilen Özbegistanyň Ýewraziýada energetika we ulag akymlarynyň keşbini döretmek barada umymy garaýyşlara eýerýändiklerini nygtady. Ýurtlarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň iri möçberli taslamasy amala aşyryldy. Bu gaz geçirijiniň bir bölegi Özbegistanyň çäginden geçýär, Amyderýanyň üstünden gurlan demir ýol we awtomobil köprüleri ulanmaga berildi. Bu mysallar iki ýurduň häzirki wagtda örän uly serişdeler kuwwatyna eýedigini görkezýär. Energetika we ulag akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda iki ýurt ähli mümkinçileklerini peýdalanar. Gepleşikleriň barşynda medeni, ynsanperwerlik, ylym, bilim, sport ulgamlarynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjek ylalaşyklar gazanyldy. Tutuşlygyna döwlet baştutanlary şu günki duşuşyga ýokary baha berdiler, Onuň jemleri boýunça dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk hakynda resminamalar toplumyna gol çekildi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow