Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Kazanda Türkmenistanyň wekilýetiniň agzalarynyň Tatarystanyň baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy
Syýasy habarlar
Kazanda Türkmenistanyň wekilýetiniň agzalarynyň Tatarystanyň baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy
Çap edildi 19.05.2017
1347

Türkmenistanyň Mejlisiniň Kanunçylyk we kanunçylyk kadalalary komitetiniň Başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda «Russiýa –yslam dünýäsi: «Kazansummit-2017» atly ýokary derejedäki IX Halkara ykdysady geňeşiniň umumy mejlisine gatnaşmak üçin Kazana gelen wekilýeti Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirdi. Tatarystanyň baştutany ýygnaga gatnaşýandyklary üçin wekilýetiň agzalaryna we Tatarystan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirýänligini aýtdy. Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Tatarystan üçin hemişe uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyny nygtap: „Biziň halklarymyzy gadymýetden gaýdýan taryhy ruhy-medeni we netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary baglaşdyrýar“-diýip nygtady. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda peýda bolan özara hereket üçin täze mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak gerek. Hususan-da, nebit çykarmak, maşyn gurluşygy, energetika, agrosenagat toplumy, derman senagaty we lukmançylyk, himiýa senagatynyň önümlerini ibermek we beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilikler bar. Duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmek jähtinden hem türkmen-tatarystan hyzmatdaşlygyny mundan beýlägem ösdürmegiň möhümligi bellenildi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow