Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň topary ýene-de bir kümüş medaly eýeledi
Sport
Türkmenistanyň topary ýene-de bir kümüş medaly eýeledi
Çap edildi 16.05.2017
2892

Türkmen türgenleri Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirilýän IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Şu gün suwda ýüzmek boýunça ýaryşda Merdan Ataýew kümüş medala mynasyp boldy, boks boýunça çärýek final duşuşyklarynda bolsa ýene-de bir ýeňiş gazanyldy. Munuň özi biziň toparymyza ýaryşlaryň nobatdaky tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik berdi. M.Ataýew 50 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde ikinji orny eýeledi. Ol bu aralygy 25,82 sekuntda geçdi. Munuň özi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sergeý Ýepifanowyň şägirdine diňe bir medal getirmek bilen çäklenmän, eýsem, täze milli rekord boldy. Bu görkeziji onuň 2016-njy ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynyň barşynda görkezen netijesinden 0,06 sekunt ýokarydyr. Merdan düýn 100 metr aralygy arkanlygyna ýüzmekde 55,44 sekuntda geçip, ýene-de bir rekord goýdy. Bu netije hem oňa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykmaga mümkinçilik berdi. Bu aralyga ýüzmekde biziň ildeşimiz öňki görkezijisinden 0,5 sekuntdan hem gowrak oňat netije görkezmegi başardy. Şeýle netije örän guwandyryjydyr, çünki M.Ataýew biziň ýygyndymyzyň düzüminde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş eder. Ol özüniň görkezijilerini has-da gowulandyrmagy maksat edinýär. Şeýlelikde, biziň toparymyz alty medal (bir altyn, üç kümüş we iki bürünç) gazandy. Munuň özi ýaryşlara gatnaşýan 57 ýurduň arasynda umumy toparlaýyn hasapda häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndysyna 11-nji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Biziň boksçymyz Arslanbek Açylow 81 kilograma çenli agramlyk derejede Kot-d’Iwuaryň wekili A.Kone bilen duşuşdy. Bu duşuşyk bary-ýogy iki minut dowam etdi. Biziň ildeşimiziň garşydaşy iki gezek nokdauntda boldy. Türgenimiziň uly artykmaçlygy bilen duşuşyk möhletinden öň saklandy. Indi 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Olimpiada oýunlaryna gatnaşan A.Açylow 17-nji maýda geçiriljek ýarym finalda türkiýeli türgen bilen duşuşar. Şeýle hem şol gün finala çykmak ugrunda türkmen boksçularynyň ýene-de ikisi — Ýakub Meredow (56 kilograma çenli agramlyk derejede) hem-de Horsant Imamkulyýew (60 kilograma çenli agramlyk derejede) güýç synanyşar.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow