Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýamyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýamyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
Çap edildi 16.05.2017
1558

Turkmenistan Garaşsyzlygyna eye bolan ilkinji günlerinden özygtyýarly, erkin ösüş ýoluny saýlap almak bilen, gysga döwürde tutuş dünýäde parahatçylyk söýüji, ygtybarly hyzmatdaş, gülläp ösýän döwlet hökmünde özüni tanatdy. Biz çärýek asyryň dowamynda ýurdumyzyň ýeten derejesine, içeri we daşary syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, durmuş-ynsanperwer ugurlarda gazanan üstünliklerine buýsanýarys. Gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, halkara derejesinde alnyp barylýan işler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Biziň döwlet we jemgyýetçilik gurluşyndaky özgertmelerimize, içeri we daşary syýasatymyza, taryhymyza, medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, milli ýörelgelerimize, aýratyn hem, demokratik we raýat jemgyýetini gurmakdaky toplan tejribämize dünýäniň iri halkara guramalary, meşhur syýasatçylar ýokary baha berýärler. Adamy jemgyýetiň we döwletiň beýik gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyzyň kabul edilen şanly senesine bagyşlanan bu halkara ylmy-amaly maslahatynyň hem berkarar döwletimiziň çärýek asyrlyk şöhratly ýoluna baha bermekde hem-de geljekki ösüşlerimiziň ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eye boljakdygyna berk ynanýaryn! Türkmenistanyň halky jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyfl esasy ugurlaryny kesgitleýän, oňyn bitaraplyk ýörelgelerimizi özünde jemleýän Esasy Kanunymyza buýsanýar, uly hormat goýýar. Türkmenistanyň Esasy Kanuny adamy jemgyýetiň we döwletiň baş gymmatlygy hökmünde yglan edip, adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kepili, Watanymyzy ösdürmäge, bagtyýar we abadan durmuşy üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady, hukuk özgertmeleHniň berk binýady bolup durýar. Esasy Kanunymyzda jemgyýetimizde bolup geçýän özgertmeler, beýik maksatlar hem-de ynsanperwer ýörelgeler öz beýanyny tapdy. 2016-njy ýylda giň halk köpçüligi bilen maslahatlaşylyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyz üçin ägirt uly ähmiýetli waka boldy. Munufl özi ösen ykdysadyýeti, durmuş goraglylygynyň netijeli ulgamy bolan, oňyn hem-de parahatçylygy üpjün rdiji halkara syýasaty alyp barýan kuwwatly demokratik, hukuk döwletini gurmagyň ynamly ýoluna gadam basan Türkmenistanyň geljekki ösüşleriniň berk hukuk binýady boldy. Biz halkara gatnaşyklarynda oňyn Bitaraplyk syýasatyna berk eýerýäris. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýalary bilen iki gezek ykrar edildi. Turkmenistan dünýäde Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýalaryny Esasy Kanunyna girizen ýeke-täk bitarap döwletdir. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär. Biz abraýly halkara guramalary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga hem-de yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Biz Konstitusiýamyzda berkidilen bitaraplyk ýörelgeleri.nize hemişe eýermek bilen, geljekde hem dine bir milli bähbitlere däl, eýsem dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän hoşniýetlilik, dostluk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatymyzy gyşarnyksyz dowam etdireris. Berkarar Watanymyzyň dünýäde eýeleýän ornuny mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn berkideris.

Soňky habarlar
11.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: - Ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir
11.06
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy
11.06
Döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
top-arrow