Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda geçirilýän duşuşykda Hazarýaka döwletleriň ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine garalýar
Syýasy habarlar
Aşgabatda geçirilýän duşuşykda Hazarýaka döwletleriň ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine garalýar
Çap edildi 15.05.2017
1340

Aşgabatda geçirilýän Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňzi meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guralan duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi Hazarýaka döwletleriň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak bolup durýar. Bu resminama 2014-nji ýylda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan eden başlangyçlaryna laýyklykda türkmen tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Maslahatyň barşynda ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge, Ýewraziýanyň ulag kommunikasiýalar ulgamynda sebitiň ornunyň ýokarlanmagyna Hazarýaka ýurtlaryň aýratyn gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Hazar deňziniň “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” kontinental ugurlaryň çatrygynda amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilen ägirt uly üstaşyr mümkinçilikleri strategiki taýdan möhüm ulgamda goňşy döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegini, ýolagçylary we ýükleri deňiz, awtomobil, demir ýol we howa, şeýle hem netijeli logistika arkaly gatnatmak babatda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň zerurdygyny şertlendirýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” diýen Kararnamanyň möhümligi bellenildi. Mejlise gatnaşyjylar geçirilen gepleşikleriň jemlerini jemläp, Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň nobatdaky ýokary derejeli duşuşygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde bilermenleriň Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça uly işleri geçirendigini bellediler. Täze Ylalaşygyň taslamasy boýunça garaýyşlary ylalaşmak işleri hem tamamlanyp barýar. Bu resminama gol çekilmegi ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli mümkinçiliklere eýe bolan sebitiň ýurtlarynyň arasynda däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmäge hyzmat eder. Ertir sebit derejesindäki maslahat öz işini dowam eder.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow