Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýolag oýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýolag oýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady
Çap edildi 08.05.2017
1353

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Husseýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatyny iberdi. Onda şeýle diýilýär: Pakistanyň Hökümetiniň hem-de halkynyň adyndan Size iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy we hoşniýetli arzuwlarymy iberýärin. Pakistany we Türkmenistany taryhy, medeni-ruhy umumylyklara daýanýan ýakyn hem-de hoşniýetli gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Pakistan mundan beýläk-de Türkmenistan bilen ähli ugurlar, şol sanda syýasy, energetika, medeni we beýleki pudaklar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýär. Biziň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara we sebitara guramalarynyň, hususan-da, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek ugrunda amala aşyrýan bilelikdäki tagallalarymyz bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow