Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Palestinanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dostluk konserti bilen tamamlandy
Medeniýet
Palestinanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dostluk konserti bilen tamamlandy
Çap edildi 05.05.2017
2476

Paýtagtymyzda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde geçirilen iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti döredijilik çäresiniň jemleýji wakasyna öwrüldi. Palestinanyň “Nawa” toparynyň, Türkmenistanyň döwlet horunyň, “Arçabil” deprekçiler toparynyň, belli türkmen bagşylarynyň we sazandalarynyň çykyşlary konsert maksatnamasyny düzdi. Oňa halk we estrada aýdymlarydyr sazlary, döredijilik çykyşlary girdi. “Nawa” topary nusgawy sazlara esaslanan dürli öwüşginli çykyşlaryny ýerine ýetirdi. Bu topar öz döredijiliginde milli medeniýetiň we sungatyň gadymy däplerini dikeltmegi wezipe edip goýdylar. Myhmanlar türkmenistanlylary dürli nusgadaky sazlary bilen tanyşdyrdylar. Iki ýurduň sazandalarynyň çykyşlary tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy. Olar meşhur türkmen we palestin sazlaryny birleşdiren eserleri ýerine ýetirdiler. Hut şeýle gatnaşyklar halklara ýakynlaşmak üçin egsilmez mümkinçiliklere eýe bolan sungatyň täsin dünýäsini açmaga ýardam edýär.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow