Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Çap edildi 03.05.2017
1828

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprel aýynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň jemleri boýunça ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine kuwwatly itergi berendigi nygtaldy. Milli Liderimiz we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin bar bolan uly mümkinçilikleri belläp, taraplaryň olary netijeli durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk we oba hojalyk ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň Gazagystan üçin uly gyzyklanma döredýändigini belledi. Häzirki döwürde emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda, sebitleýin ulag düzümini kemala getirmek we döwrebaplaşdyrmak ulgamynda, şeýle hem iki ýurduň serhetýaka sebitleriniň arasynda ýakyn ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleriniň geljeginiň uludygy bellenildi. Türkmen Lideri Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň ähmiýetini aýratyn nygtady, ol gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň, yzygiderli ýagdaýda dürli derejede ikitaraplaýyn duşuşyklary guramagyň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy, şunda özara Medeniýet günleriniň, bilim çäreleriniň, sport ýaryşlarynyň hem-de beýleki çäreleriň geçirilmegi halklaryň arasyndaky özboluşly dostluk köprülerini giňeltmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň tomsunda Astanada “Geljegiň energiýasy” şygary astynda geçiriljek “EKSPO-2017”-ä” Türkmenistanyň gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi. Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygytýarly ilçisi O.Nurbaýew gatnaşdy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow