Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 03.05.2017
1540

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sorin Wasile Moldowany kabul etdi, ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz we doly ygtyýarly wekil türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň geljegi we mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar. Bu hyzmatdaşlyk ähli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamynda has-da giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen birlikde, energetika we ulag ulgamlarynda tagallalary birleşdirmek möhüm bolup durýar. Türkmenistan bu ugurda, hususan-da, ýükleri daşamak üçin ykdysady taýdan amatly ugurlary üpjün edýän halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek babatda möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi. Ynsanperwer ulgamy döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Bu ugurda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolan medeni hem-de ylym-bilim gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Rumyniýada ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazan Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Rumyniýanyň ýurdumyzda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Medeniýet günleri hem bu ugurda nobatdaky ädim bolar. Şeýle hem şu ýylyň iýulynda şanly senä--iki döwletiň arasynda diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp, bilelikdäki çäreleriň geçiriljekdigi bellenildi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow