Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisi geçirildi
Syýasy habarlar
Aşgabatda Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisi geçirildi
Çap edildi 03.05.2017
1328

Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Maminiň ýolbaşçylygynda wekilçilikli topar geldi. Iki dostlukly ýurduň käbir ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we esasy hünärmenleriniň gatnaşan duşuşygynyň gün tertibine döwletara ylalaşyklaryny amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleleriň giň topary girizildi. Mejlise gatnaşyjylar hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda nygtalyşy ýaly, şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet sapary köpugurly gatnaşyklara täzeden itergi berdi. Bu saparyň çäklerinde möhüm hökümetara ylalaşyklaryna hem-de iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren beýleki resminamalara gol çekildi. Taraplar gepleşikleriň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam etjek anyk ädimleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, eksport-import amallaryny artdyrmaga hem-de iberilýän harytlaryň we hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaga, şeýle hem iki döwletiň ykdysady subýektleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen goşmaça çäreleri kabul etmegiň möhümdigi bellenildi. Oba hojalygy, ýangyç-energetika ulgamlarynda we beýleki birnäçe pudaklarda hyzmatdaşlygy berkitmäge özara gyzyklanmanyň bardygy bellenildi. Hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Toparyň agzalary ulag ulgamynda özara gatnaşyklara aýratyn üns berdiler. Bu ugurda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň çekilmegi tagallalary netijeli birleşdirmegiň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär. Iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi ulag taslamalarynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň, täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge gatnaşmagyň möhümdigini şertlendirýär. Olar Merkezi Aziýanyň we goňşy sebitleriň ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer. Astanada geçiriljek “EKSPO-2017” sergisiniň söwda - ykdysady we beýleki ugurlarda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Bu sergä biziň ýurdumyz hem gatnaşar. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Soňky habarlar
11.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: - Ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir
11.06
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy
11.06
Döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
top-arrow