Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň mejlisi geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň mejlisi geçirildi
Çap edildi 01.05.2017
1401

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» hyzmatdaşlygyna gatnaşyjy ýurtlaryň – Ýaponiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Bu ýurtlaryň Daşary işler ministrleri mejlise getnaşmak üçin Aşgabada geldiler. Mejlisiň barşynda sebitde we dünýäde howpsuzlygy üpjün etmek, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek maksadynda tagallalary birleşdirmek bilen bagly meseleler gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar degişli ugurda maslahatlaşmalary we gatnaşyklary dowam etmegiň möhümdigini belläp, häzirki döwrüň terrorçylyk, ekstremizm, neşeleriň bikanun dolanyşygy, guramaçylykly jenaýat ýaly howplaryna we wehimlerine garşy durmak işinde hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikirlerini aýtdylar. Şeýle hem Owganystanyň durnukly ösmegine ýardam etmek, bu ýurtda parahatçylygy we durnuklylygy gazanmak bilen bagly meselelere garaldy. Munuň özi sebit we halkara howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Türkmenstan hemişelik bitiraplyk deresinden gelip çykýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugruny yzygiderli durmaşa geçirmek bilen, degişli ugurda umumy tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýar. Duşuşygyň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň söwda-ykdysady, maýa goýum we işewür hyzmatdaşlygyny giňeltmek, ileri tutulýan pudaklaryň käbirinde, hususan-da, oba hojalygynda anyk taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen birlikde, Hyzmatdaşlyga gatnaşýan ýurtlaryň energetika we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýalar babatda halkara gatnaşyklaryny berkitmäge çalyşýandygy bellenildi. Ulag-logistik düzümi babatda sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek meselesileleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar ekologiýa we daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemesi, tebigy heläkçilikleriň öňüni almak baradaky meslelere üns bermek bilen bu ugurlarda hyzmatdaşlygy dowam etmek barada bir pikire geldiler. Döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi berkitmegiň aýrylmaz şerti bolan ynsanperwer-medeni alyşmalary höweslendirmegiň we giňeltmegiň ähmiýetini bellemek bilen, mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň bu ugry Hyzmatdaşylgyň täze esasy hökmünde girizmek baradaky teklibini goldadylar, şeýle hem bu ugurda taraplaryň gören çärelerine we beýleki işlere ýokary baha berdiler. Taraplar halkara giňişliginde hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşmagyň çäklerinde geljekde hem ýadro ýaragsyzlanmagy, atom energiýasyny parahatçylykly peýdalanmak babatda özara gatnaşyklary has-da ilerletmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. Şunda birnäçe möhüm Şertnamalar – ýadro ýarygyny ýaýratmazlyk hakynda, ýadro synaglaryny gadagan etmek hakynda, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda şertnamalar bar. «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» hyzmatdaşlygyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 6-njy mejlisiniň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama gol çekildi, şeýle hem “Ulag we logistika ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyň ýol kartasy” kabul edildi. Daşary işler ministrleriniň nobatdaky, 7-nji mejlisi geljek ýyl Täjigistan Respublikasynda geçiriler. Ol 2017-2018-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlygyň başlygynyň wezipesine girişdi.

Soňky habarlar
11.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: - Ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir
11.06
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy
11.06
Döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
top-arrow