Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Permanlara gol çekdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Permanlara gol çekdi
Çap edildi 29.04.2017
1548

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat işgärleri ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri ýokary derejede wasp etmäge, amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny giňden açyp görkezmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen uly goşant goşýarlar. Döredijilik işgärleriniň ak ýürekden çekýän zähmetinden dörän ajaýyp eserler beýik Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar döwrümizi has-da dabaralandyrýar, eziz Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkymyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerini dünýä ýaýýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge, döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan saldamly goşantlary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we tutanýerli zähmetini, çeperçilik ussatlygyny we joşgunly zehinini nazara alyp, karar edýärin: Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Halk döredijilik bölüminiň çeper ýolbaşçysy Şamämmet Bäşimowa; «A-Studio» firmasynyň direktory Akmuhammet Amanowiç Saparowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2017-nji ýylyň 27-nji apreli. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Z.B.Kakaýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybir halkymyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerini, beýik Garaşsyzlygymyzy wasp edýän ruhubelent aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýändigi üçin, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti Zylyha Ballyýewna Kakaýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2017-nji ýylyň 27-nji apreli.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow