Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçiriler
Syýasy habarlar
Aşgabatda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçiriler
Çap edildi 28.04.2017
1268

1-nji maýda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» hyzmatdaşlygynyň altynjy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi, bu hyzmatdaşlyk köptaraply gatnaşyklaryň netijeli guraly bolup durýar. Türkmenistan 2014-nji ýyldan başlap, häzirki wagta çenli bu düzüme başlyklyk edýär. Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şunda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Şu ýyl iki ýurduň arasynda dipolmatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl boldy. Soňky ýyllarda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy işjeňleşdirildi. Hormatly Prezidentimiziň 2009-njy, 2013-nji we 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa bolan saparlary, şeýle hem Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyza bolan sapary gatnaşyklaryň has-da ilerledilmegine ýardam etdi. Şeýle-de, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ikitaraplaýyn görnüşde hem-de sebit we halkara derejesinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Bu babatda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde özara gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Ol netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täsirli guraly bolup durýar. Biziň ýurdumyz 2014-nji ýyldan başlap, häzirki güne çenli bu düzümde başlyklyk edýär. Dialoga gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňümizdäki mejlisiniň maksatnamasy we gün tertibi barada habar berildi. Onuň barşynda sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek babatda tagallalary birleşdirmäge degişli meselelere garalar. Howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa we tebigy betbagtçylaklaryň öňüni almak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylar. Mejlisiň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannama gol çekmek hem-de Ulag we logistika meselelri boýunça sebitleýin hyzmatldaşlygyň hereketleriniň meýilnamasyny (ýol kartasyny) kabul etmek göz öňünde tutulýar. Iki ýurduň arasyndaky strategiki häsiýete eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy. Munuň özi köp ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin amatly ýagdaýy şertlendirýär. Uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow