Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan, at keselinden azat zolak derejesine eýe boldy
Syýasy habarlar
Türkmenistan, at keselinden azat zolak derejesine eýe boldy
Çap edildi 27.04.2017
1657

Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň Aşgabatda geçirilýän nobatdaky mejlisinde Halkara epizotik býurosynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Kazimiras Lukauskas hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda at keselinden azat zolagy döretmek hakyndaky sertifikaty gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz jenap Lukauskasa we onuň üsti bilen mallaryň saglygyny goramak baradaky Bütindünýä guramasynyň Ýolbaşçy Geňeşine Türkmenistanyň at keselinden azat zolak derejesine eýe bolandygyny tassyklaýan sertifikatyň gowşurulandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu sertifikat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde atçylyk sporty boýunça bäsleşigi geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Onuň maksatnamasyna milli Liderimiziň başlangyjy boýunça konkur ýaryşy girizildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslaryny bu dereje bilen guilady. Bu çözgüt Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň subutnamasy, Türkmenistanyň atşynaslyk we weterinariýa ulgamynda gazanýan üstünliukleriniň ykrarnamasy bolup durýar. Ýurdumyzda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňlşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini we milli çapyksuwarlyk däplerini wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz belledi. Biz Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýurdumyza 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyny berendigine buýsanýar we yklym ýaryşlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň türkmen topragynda myhmansöýerlik we halkymyzyň asylly däpleri esasynda kabul edilmegi ugrunda zerur tagallalary ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow