Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly atşynaslaryň birnäçesi “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ada mynasyp boldy
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly atşynaslaryň birnäçesi “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ada mynasyp boldy
Çap edildi 27.04.2017
1426

Aşgabatda geçirilýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki işe uly şahsy goşandy üçin assosiasiýanyň daşary ýurtly agzalarynyň birnäçesine “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakdy. Hususan-da, hormatly ada Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Blanka de Toledo Loma Osorio, Fransiýa Respublikasynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Eloize Anemon Flawia Žirardi, Özbegistan Respublikasynyň raýaty, hususy atşynas Bakturdi Ibadullaýew mynasyp boldular. Döwlet Baştutanymyz sylaglara mynasyp bolanlary gutlap, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermek, olaryň genofonduny artdyrmak boýunça alyp barýan asylly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we hemmelere berk jan saglyk hem-de täze üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň myhmanlaryny Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän köpsanly çärelere, şol sanda türkmen paýtagtynda geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly IX halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow