Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi açyldy
Syýasy habarlar
Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi açyldy
Çap edildi 27.04.2017
1517

Paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, atçylyk pudagynyň işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Aşgabatda ştab-kwartirasy bolan we 2010-njy ýylda döredilen Halkara atçylyk assosiasiýasyn dürli ýurtlaryň arassa ganly ahhalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde, bu tohumdaky atlar bilen baglanyşykly işleri kämilleşdirmekde, onuň tohumlyk we sport ugurlaryny ösdürmekde ýöriteleşdirilen atçylyk kärhanalarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk üçin netijeli binýat bolup durýar. Assosiasiýanyň agzalarynyň özara ylalaşykly işi türkmen halkynyň milli gymmatlygy, dünýä medeniýetiniň özboluşly mirasy bolup durýan ahalteke bedewlerini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da giňeldilmegine mümkinçilik berdi. Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän maslahatlarda assosiasiýanyň işiniň ýyllyk netijeleri we onuň geljekki meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşylýar. Hünärmenleriň we “behişdi bedewlere” gadyr goýýanlaryň yzygiderli guraýan duşuşyklary hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň işlenip taýýarlanmagyny şertlendirýär we onuň üstüni täze mazmun bilen ýetirip, bilelikdäki taslamalar, möhüm başlangyçlar we işewür gatnaşyklar bilen üstüni ýetirýär.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow