Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sinze Abe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sinze Abe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady
Çap edildi 26.04.2017
1382

Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň. Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan pursatyndan başlap, biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostluk gatnaşyklary ýola goýuldy. 2009-njy ýyldan bäri döwürde Siz Ýaponiýada üç gezek bolduňyz, hususan-da, Siziň 2013-nji ýyldaky saparyňyz mahalynda umumy bahasy 1 trillion ýapon iýeninden gowrak bolan ykdysady taslamalar boýunça resminamalara gol çekildi. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn esasda ösdürilmegini şertlendirdi. Şeýle hem Siz 2015-nji ýylda Sendaý şäherinde bolup, BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmek barabaky Bütindünýä maslahatyna gatnaşdyňyz. Öz gezeginda men 2015-nji ýylda Türkmenistanda ilkinji gezek saparda boldum. Onuň dowamynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça bir pikire geldik. Döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki saparlary alyşmak ýapon-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Bu bolsa meni örän begendirýär. Dürli bilelikdäki ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, Ýaponiýanyň inžener-tehniki bilimini öňe ilerletmäge, şeýle hem ýapon dilini öwrenmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna yzygiderli goldaw berjekdigime ynandyrmak isleýärin. Türkmenistanyň häzirki döwürde başlyklyk edýän “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşyklarynyň çäklerinde ýapon-türkmen dostluk hyzmatdaşlygynyň mundan belýäk-de çuňlaşdyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow