Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
Syýasy habarlar
Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
Çap edildi 24.04.2017
1312

Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, esasy hünärmenleri gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Daşary işler, Ykdysadyýet we ösüş ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Bu resminamany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen maslahatda öňe süren başlangyçlaryna laýyklykda türkmen tarapy işläp taýýarlady. Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, şu geçen döwürde Hazar sebitiniň ýurtlarynyň Liderleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Bäştaraplaýyn görnüşde gol çekilmegi meýilleşdirilen birnäçe täze kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny ylalaşmak çäreleri has-da işjeňleşdirildi. Olaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriniň arasynda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere laýyklykda, özara peýdaly ykdysady gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we giňeldilmegine gönükdirilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk bar. Bilermenleriň bu gezekki duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň ýurtlarynyň wekilçilikli we işewür toparlarynyň agzalary üçin netijeli gepleşikler meýdançasyna öwrüljek hemişelik hereket edýän Hazaryň Ykdysady Forumyny döretmek hakyndaky başlangyjyny goldamak meselelerine aýratyn ähmiýet berler. Munuň özi dünýä işewürligi, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny üpjün eder.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow