Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy
Syýasy habarlar
Türkmenistan Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy
Çap edildi 21.04.2017
1684

BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän Baş edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) geçirilen mejlisinde Türkmenistan 2018-2020-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi ýurdumyzyň alyp barýan köptaraply işlerine halkara jemgyýetçiliginiň ýokary baha berýändigine şaýatlyk edýär. Saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek ilatyň saglygyny gowulandyrmaga, türkmenistanlylaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny uzaltmaga, çagalaryň dogluşyny artdyrmaga, çilim çekmegi we neşekeşligi düýpli azaltmaga gönüden-göni täsir etdi. Gender meseleleriniň çözülmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzda zenanlar ýolbaşçy edaralarynda dürli ýokary wezipelerde işleýärler, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli işlerine gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti, bu guramanyň Ösüş Maksatnamasy hem-de beýleki ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde Aşgabatda BMG-niň Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça edarasyny hem-de Durnukly ösüş Maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezini döretmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Türkmenistan degişli milli geňeşmeleri geçirmek üçin BMG-niň derejesinde saýlanyp alnan döwletleriň hataryna girip, 2015-nji ýylda BMG-niň Bütindünýä sammitinde kabul edilen Durnukly Ösuş Maksatlaryny işläp taýýarlamak işine gönüden-göni gatnaşdy. Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň sekiz komissiýasynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar, ýurdumyz bäş gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow