Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz şäherleriň we obalaryň töwereginde tokaý-seýilgäh zolagynyň döredilmegini işjeňleşdirmegi tabşyrdy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz şäherleriň we obalaryň töwereginde tokaý-seýilgäh zolagynyň döredilmegini işjeňleşdirmegi tabşyrdy
Çap edildi 21.04.2017
1369

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň töwereginde tokaý-seýilgäh zolagyny döretmek boýunça işleri gowulandyrmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz hökümetiň mejlisinde oba hojalygyna gözegçilik edýän wise-premýer E. Orazgeldiýewiň hem-de energetika, gurluşyk we jemagat hojalygy ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer D. Amangeldiýewiň ünsüni Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň hem-de netijesinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň töwereginde her ýyl müňlerçe agaç nahallary oturdylýan bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň meselelerine çekdi. Men düýn dikuçarly Aşgabada hem-de Ahal welaýatynyň bir bölegine aýlanyp gördüm, desgalaryň, täze etrapçalaryň we şäherçeleriň gurluşygynyň alnyp barlyşyny synladym, bugdaýyň ýagdaýy bilen tanyşdym diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, baglara ideg edilişine talabalaýyk gözegçilik edilmeýändigini, bag nahallaryň ýeterlik möçberde oturdylmaýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bag ekilen zolaklary giňeltmelidigini, tebigaty goramak, suw, ýer we biologiki serişdeleri rejeli peýdalanmak boýunça ähli çäreleri görmelidigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem örän uly ylmy we medeni ähmiýetli aýratyn goralýan çäkler bolan goraghanalary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi talap etdi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow