Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabatda Palestina Döwletiniň medeniýet günleri geçiriler
Medeniýet
Aşgabatda Palestina Döwletiniň medeniýet günleri geçiriler
Çap edildi 21.04.2017
2485

Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri şu ýylyň 3-5-nji maýynda geçiriler. Çäräniň çäklerinde dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň konserti, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçiriler, kinofilmleriň görkezilişi bolar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde dostlukly ýurduň wekiliýetini kabul etmegiň barşynda ynsanperwer ulgamda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Myhmanlar paýtagtymyzyň muzeýlerine hem-de beýleki ajaýyp ýerlerine baryp görerler. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň maýynda ýola goýuldy. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas bilen gepleşikleri geçirildi. Şonda hem Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi açylyş dabarasy boldy.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow