Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy
Çap edildi 20.04.2017
1756

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynyň birnäçesindäki işleriň ýagdaýy hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde kemala gelen täze ýaşaýyş toplumlaryny synlap, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugurlary bolmalydygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz öňdebaryjy binagärlik hem-de inžener-tehniki pikirleriň iş ýüzünde peýdalanylmalydygyny belläp, her bir desganyň meýilleşdirilmegi onuň niýetlenilen maksadyna doly laýyk gelmelidigini aýtdy. Şunda gurluşyk işleriniň binany gurmak üçin bölünip berlen belli bir künjegiň tebigy aýratynlyklary göz öňünde tutulyp alnyp barylmalydygyny, oňa ylmy esasda örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň eteginde nusgalyk obalaryň döredilmegi, olaryň magy-bossanlyga bürelmegi, bu gurşawda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi howanyň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirjekdigini aýtdy. Bu ugurda alnyp barylýan işler, bag nahallarynyň köpçülikleýin oturdylmagy, seýilgähleriň emele gelmegi şäher ilatynyň durmuş ulgamynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagynyň möhüm şertini emele getirýär. Milli Liderimiziň Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde gurulýan täze desgalary synlady. Şäheriň şu böleginde häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän iri ýaşaýyş jaý toplumy gurulýar. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň buýurmalary esasynda durmuş maksatly desgalar bina edilýär. Paýtagtymyzy ösdürmegiň bu tapgyrynda belent, şeýle hem üç we dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, iki gatly kottežleriň, dükanlaryň we beýleki durmuş ulgamyna degişli desgalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Soňra hormatly Prezidentimiz uçuşyň dowamynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň gurluşyk aýratynlyklaryny synlady. Häzirki wagtda taslama boýunça meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygy tamamlandy. Sportuň dürli ugurlary boýunça niýetlenen döwrebap toplumlarda halkara derejesindäki synag ýaryşlary guralýar. Şeýle synag ýarşlaryň birnäçesini şu aýyň dowamynda geçirmek meýilleşdirildi. Munuň özi Aziada-2017-dä taýýarlygyň möhüm tapgyryny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzdaky batly depginler bilen bina edilýän Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynyň işleri bilen tanyşdy. Bu giň möçberli gurluşyk meýdançasynda belent ýaşaýyş jaýlarynyň uly toplumynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Milli Liderimiz ýaşaýyş jaý gurluşygynyň meýilnamalaryny durmuşa geçirmegiň wezipeleri barada aýdyp, täze gurulýan ýaşaýyş toplumlarynda zerur durmuş we beýleki düzümleriň toplumlaýyn esasda döredilmeginiň döwrüň baş talaby bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde hormatly Prezidentimiz şäheriň çäklerini abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek, dynç alyş zolaklaryny, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin zerur şertleri döretmek meselelerine yzygiderli üns berilmelidigini tabşyrdy. Paýtagtymyzda dürli maksatly binalar bilen döwrebap ýollaryň, köprüleriň gurluşygy, degişli yşyklandyryş, maglumat ulgamlarynyň döredilmegi, ýol belgileriniň, mahabat işleriniň döwrüň talabyna laýyk alnyp barylmagy ileri tutulýan ugurlara öwrülmelidir. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz uçuşyň dowamynda ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri synlady. Häzirki döwürde oba hojalyk pudagynda ekerançylar üçin möhüm möwsüm dowam edýär. Kärendeçi daýhanlar gowaça ekişini ýokary depginlerde alyp barmak bilen, şeýle hem öňde boljak bugdaý oragyna taýýarlyk işlerini ýaýbaňlandyrdylar. Bu ajaýyp künjekleriniň birinde häzirki wagtda “Ak öý” binasynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz bu desganyň gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirkizaman binagärlik tejribeleriniň utgaşmalydygyny, binada köpçülikleýin çäreleri guramak üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Milli Liderimiz etrabyň çäginde ahalteke bedewleri üçin bina edilen karantin merkeziniň döwrebap derejede dolandyrylmagy we onuň netijeli peýdalanylmagy babatda anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşy tamamlap, şäher häkimliginiň ähli düzümlerine ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasyny ýokary derejede ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir
11.06
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy
11.06
Döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
top-arrow