Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hindi kärdeşi Pranab Mukerji gutlady
Syýasy habarlar
Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hindi kärdeşi Pranab Mukerji gutlady
Çap edildi 20.04.2017
1330

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Pranab Mukerjiniň iberengutlag hatynda “Biziň döwletlerimiziň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň hökümetine we halkyna gutlaglarymy ýollamak mende örän ýakymly duýgulary döredýär. Köpugurly hindi-türkmen gatnaşyklarynyň durnukly ösýändigini kanagatlanma bilen bellemek hem-de dürli ulgamlarda gazanylan bilelikdäki üstünliklere ýokary baha bermek bilen, biz özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ymtylýarys. Hindistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň iki halkyň abadançylygynyň hem-de olaryň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine täze sepgitlere çykjakdygyna ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik we rowaçlyk arzuw edýärin” diýip aýdylýar.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
top-arrow