Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabatda ahalteke belewlerine bagyşlanylan döredijilik işleriniň sergisi açyldy
Medeniýet
Aşgabatda ahalteke belewlerine bagyşlanylan döredijilik işleriniň sergisi açyldy
Çap edildi 20.04.2017
3159

Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen yglan eden bäsleşigine hödürlenen döredijilik işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Her ýyl geçirilýän döredijilik bäsleşigine medeniýetiň dürli ulgamlarynyň wekilleriniň köpüsi gatnaşýar. Behişdi bedewler bu serginiň esasy gahrymanlarydyr. Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň wekilleri, neşirýat işiniň hünärmenleri, fotosuratçylar, teležurnalistler we beýlekiler bar. Tejribäniň görkezişi ýaly, ganatly bedewleriň gözelligini çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça bäsleşik sungatyň dürli ugurlarynyň ussatlarynyň işjeňligini we mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Sergi zalynda guralan sergide dürli žanrdaky işleriň ýüzlerçesi ýaýbaňlandyryldy. “Bedewleriň patyşalygynyň” özboluşly çeperçilik beýany bu ýere gelýänlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Sergide bedewler dürli görnüşlerde şekillendirilipdir. Olaryň şekilini tebigatyň ajaýyp gözelliginde, at çapyşyklarynyň tolgundyryjy pursatlarynda, oba durmuşynyň sahnajyklarynda, halk dessurlarynyň berjaý edilýän mahalynda, baýramçylyk dabaralarynda görmek bolýar. Ajaýyp halylar, täsin şaý-sepler, keramika önümleri, inçelik bilen taýýarlanan keşdeler – bularyň ählisi serginiň esasy gahrymany bolan ahalteke bedewiniň şekiline özboluşly öwüşgin çaýdy. Sergide görkezilen eserler atlaryň keşbini doly açyp görkezmäge, halkymyzyň ganatly bedewlere bolan çuňňur söýgüsini hem-de hormat-sarpasyny beýan etmäge, ýurdumyzyň medeniýeti we taryhy bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. Bäsleşige meşhur ussatlar bilen birlikde döredijilige indi gadam basýan awtorlar hem gatnaşdylar. Eserlere berlen bahalaryň adalatly bolmagy üçin olaryň aşagynda işleri döredijileriň atlary görkezilmändir, diňe tertip belgisi goýlupdyr. Sungat muşdaklary meşhur suratkeşleriň işlerini olaryň özboluşly iş usullary boýunça tanaýarlar. Ýöne, döredijilik gözlegleri babatda olaryň ählisi deňdir. Bäsleşikde baýrakly orunlary eýelänleri sylaglamak dabarasy Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleriň barşynda bolar.

Soňky habarlar
09.08
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08
Dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow