Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Dostyk” ordenine mynasyp boldy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Dostyk” ordenine mynasyp boldy
Çap edildi 18.04.2017
1519

Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti “Akorda” köşgünde resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler. Dabaraly kabul edişligiň barşynda Gazagystanyň Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge, iki halkyň arasyndaky gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy üpjün etmek işine, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly goşandyny nygtap, Türkmenistanyň Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň döwlet sylagy – I derejeli “Dostyk” ordeni bilen sylaglamak barada çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Prezident Nursultan Nazarbaýew türkmen kärdeşine bu ýokary we hormatly sylagy gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazygystanyň baştutanyna bildirilen hormat-sarpa üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu ýagdaýy iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkeýändiginiň aýdyň subutnamasy hem-de Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli bitarap daşary syýasatyna berlen ýokary baha, tutuş türkmen halkyna ýokary sylag hökmünde kabul edýändigini belledi.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
top-arrow