Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan we Gazagystan häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça birmeňzeş garaýşa eýedir
Syýasy habarlar
Türkmenistan we Gazagystan häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça birmeňzeş garaýşa eýedir
Çap edildi 18.04.2017
1415

Türkmenistan we Gazagystan häzirki zaman gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça birmeňzeş garaýşa eýerýär. Gazagystanda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada bu barada aýtdy. Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde çykyş etmek bilen, milli Liderimiz türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan we geljekki ugurlary babatda bolşy ýaly, sebitara we halkara ösüşiniň meýillerinde hem doly düşünişmek esaslaryna daýanýandygyny belledi. Ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda hem-de oňa goldaw bermekde, halkara terrorçylygyna, ekstremizme garşy durmakda, şeýle hem Owganystandaky ýagdaý parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmakda Türkmenistanyň we Gazagystanyň umumy garaýşy bardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni ditýip yglan etmek hakyndaky kararnamasyna ngoldaw berendigi we oňa awtordaş bolandygy üçin gazak tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi ikitaraplaýyn bähbitlere, dünýä bileleşiginiň ählumumy howpsuzlygy berkitmek boýunça uzakmöhletleýin maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
top-arrow