Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Durky täzelenen Grand Türkmen myhmanlary çagyrýar
Ykdysadyýet
Durky täzelenen Grand Türkmen myhmanlary çagyrýar
Çap edildi 01.07.2015
1776

Paýtagtymyzyň bäş ýyldyzly Grand Türkmen myhmanhanasy düýbünden täze keşbe girdi. Onuň durky täzelenenden soň bu ýerde myhmanlar üçin amatlylygyň we oňaýlyklaryň derejesi ýokarlandy. Şonuň bilen birlikde ýokary derejeli we zerur bolan hyzmatlaryň edilmegi myhmanhananyň esasy aýratynlygy bolup durýar. Myhmanhananyň ähli artykmaçlyklaryndan başga-da, onuň 1995-nji ýylda açylan pursatyndan bäri şäheriň merkezinde ýerleşmegi bu ýere gelýän jahankeşdeleriň akymyny artdyrýar. Türkmen medeniýeti, taryhy we şäheriň aýratynlyklary bilen gyzyklanýan adamlar üçin tanyşlyk gezelenjini Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän myhmanhananyň töwereginden başlamak boýlar. Bu ýerde türkmen paýtagtynyň gözellikleriniň ençemesi—Şekillendiriş sungaty muzeýi, Magtymguly adyndaky sazly drama teatry, “Watan” kinokonsert merkezi, “Gülüstan” söwda merkezi we beýlekiler ýerleşendir. Ýurdumyz boýunça has uzak, giňişleýin we gyzykly gezelençler barada aýdylanda bolsa, şunuň ýaly syýahatlar Grand Türkmen myhmanhanasynyň syýahatçylyk bölüminiň hyzmatlaryna girýär we isleg bildirýänler üçin yzygiderli guralýar. Daşary ýurtly we ýerli jahankeşdeler myhmanhananyň hyzmatynyň bu görnüşinden peýdalanyp, onuň kömegi bilen özlerinde ýatdan çykmajak täsirleri we duýgulary galdyrýarlar. Türkmenistanyň goraghanalary we taryhy ýadygärlikleri, türkmen halkynyň durmuşy, medeniýeti, däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşýarlar. Şonuň ýaly syýahatlar olara gatnaşyjylary türkmen topragynyň täsin baýlyklary we gözellikleri bilen haýran galdyrýar. Diňe şu ýylyň başyndan bäri biz ýarym müňden gowrak adam üçin paýtagtymyz hem-de ýurdumyzyň welaýatlary boýunça gezelençleri guradyk. Biziň, şeýle hem şäheriň beýleki myhmanhanalarynyň şonuň ýaly syýahatlara sargytlary yzygiderli artýar—diýip Grand Türkmen myhmanhanasynyň syýahatçylyk bölüminiň wekili kanagatlanmak bilen gürrüň berdi. Daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek we türkmenistanlylary daşary ýurtlara ibermek, hususan-da, çakylyklary, wizalary, uçar peteklerini resmileşdirmek, myhmanhanalarda ýerleşdirmek we beýlekiler myhmanhananyň syýahatçylyk bölüminiň hyzmatlaryna girýär. Şeýlelikde, durky täzelenen Grand Türkmen myhmanhanasy şu ýyllaryň içinde jahankeşdeleriň yzygiderli gelýän myhmanhanasyna öwrüldi. Köp dürli syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen birlikde, myhmanhananyň 6 gatly binasynda ähli amatlyklary bolan giň we oňaýly otaglaryň 4 görnüşi—1 orunlyk, 2 orunlyk, ýarym lýuks, lýuks görnüşleri myhmanlaryň hyzmatynda. Bu ýerde jemi 111 otag, şeýle hem tomusky açyk howuz, “Ýüpek ýoly” restorany, garbanyşhana, disko-bar, karaoke—bar, gözellik salony, fitnes-klub, owkalaýyş otagy, sauna, lukmançylyk bölümi ýerleşýär. Işewürlik syýahatçylygynyň wekilleri üçin myhmanhanada maslahatlary we medeni-gumanitar häsiýetli beýleki çäreleri geçirmek üçin 20,40 we 70 orunlyk maslahatlar zallarynyň üçüsi bar. Şýelelikde, Grand Türkmen myhmanhanasy öz myhmanlaryny mähirli kabul etmäge hemişe taýýar bolup, ol syýahatçylyk ulgamyna ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalary we agentlikleri bilen yzygiderli we işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar hem-de ýurdumyzda onuň mümkinçiliklerini artdyrýar.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow