Baş sahypa
\
Sport
\
Awazada başa-baş söweş sungatynyň toplumy sambo, jiu-jitsu we göreş boýunça ussatlaryň tutluşyklary bilen açyldy
Sport
Awazada başa-baş söweş sungatynyň toplumy sambo, jiu-jitsu we göreş boýunça ussatlaryň tutluşyklary bilen açyldy
Çap edildi 07.04.2017
2792

Awazada bina edilen iri köpugurly sport desgasynyň çäklerinde açylan söweş sungatlarynyň toplumynda birbada üç meýdançada ýaryşlary, şol sanda boks, taekwondo, dzýu-do, erkin we grek-rim göreşleri hem-de başa-baş söweşleriň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlary, şeýle hem agyr atletika boýunça bäsleşikleri geçirmek bolýar. Onuň esasy düzümini 2 müň 272 orunlyk münberli uly meýdança emele getirýär. Boksçylar üçin meýdançaly we göreş düşekçeli türgenleşik zallarynyň ikisi göz öňünde tutuldy. Germaniýanyň dünýä belli “Foeldeak” kompanýiasynyň enjamlary ornaşdyryldy. Mundan başga-da, bu ýerde fitnes zallarynyň ikisi bar. Olarda Ýewropanyň “Gym 80”, “Tecnogym”, “Leica” hem-de ABŞ-nyň “Life Fitness” ýaly dünýä belli kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyryldy. Köpugurly trenažýor toplumlary peýdalanyjylaryň ähli toparlary – ussat türgenler we höwesjeňler, dürli ýaşdaky adamlar üçin netijeli türgenleşikleri üpjün edýär. Meýdançada sambo, jiu-jitsu we göreş ussatlarynyň tutlyşyklary ýaýbaňlandyryldy. Döwlet Baştutanymyz olaryň çykyşyna gyzyklanma bilen syn etdi. Mälim bolşy ýaly, türkmen türgenleri başa-baş söweş sungatlarynyň şu we beýleki görnüşlerinde öňdäki orunlaryň birini eýeleýärler. Olaryň dünýä çempionatlarynda hem-de dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri hem muňa şaýatlyk edýär. Türkmen milli göreşi asyrlaryň dowamynda halkymyzyň baýramçylyk dabaralarynyň bezegi bolup geldi. Şeýle ýaryşlar ähli döwürlerde uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Olara diňe bir golaýdaky şäherlerden we şäherçelerden däl, eýsem, alysdaky obalardan hem güýçli pälwanlar gatnaşypdyr. Häzirki döwürde göreş halkara derejesine çykdy. Ol Aziýanyň guşakly göreş boýunça federasiýasynyň düzümine, şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Şol ýaryşlarda biz türgenlerimizden ýokary netijelere garaşýarys.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow