Baş sahypa
\
Sport
\
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iri sport toplumy açyldy
Sport
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iri sport toplumy açyldy
Çap edildi 07.04.2017
3028

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň kenar ýakasyndaky Bütindünýä saglyk gününde iri sport toplumy açyldy. Toplum türkmen türgenleriniň köpugurly okuw-türgenleşik merkezine, türgenleri we ýygyndy toparlary sportuň dürli görnüşleri, şol sanda şu ýylyň güýzünde Aşgabadyň kabul etjek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen görnüşleri boýunça taýýarlamagyň binýadyna öwrüler. Mundan başga-da, bu ýerde ýokary derejeli halkara ýaryşlary geçirip bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. 28,5 gektar meýdanda ýerleşýän sport merkeziniň düzüminde halkara ölçeglerine laýyk gelýän desgalaryň ýedisi, şol sanda sportuň oýun, suw we gyşky görnüşleri, söweş sungatlary bilen meşgullanmak üçin binalar bar. Olary enjamlaşdyrmaga ýokary derejeli sport enjamlaryny iň oňat öndürijiler gatnaşdylar. Sportuň oýun görnüşleri üçin niýetlenen binada kiçi futbol, basketbol, uly we stoluň üstünde oýnalýan tennis (ping-pong), gandbol, woleýbol oýnap bolýar, gimnastika we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanyp bolýar. Bu ýerde münberler 2 müň 355 tomaşaça niýetlenendir. Türgenleşik üçin kiçi zal bar. Söweş sungatlarynyň iki gatly binasynyň esasy düzümini 2 müň 272 orunlyk münberli uly meýdança emele getirýär. Şol ýerde birbada üç meýdançada ýaryşlary, şol sanda boks, taekwondo, dzýu-do, erkin we grek-rim göreşleri hem-de başa-baş söweşleriň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlary, şeýle hem agyr atletika boýunça bäsleşikleri geçirmek bolýar. Taslamada boksçylar üçin meýdançaly we göreş düşekçeli türgenleşik zallarynyň ikisi we iki fitnes zal göz öňünde tutuldy. Sportuň gyşky görnüşleri bolan hokkeý we figuralaýyn typmak üçin niýetlenen “Buzly köşgüň” umumy meýdany 14,4 müň inedördül metrden gowrakdyr. Binanyň birinji gatynda ini 30, uzynlygy 60 metr bolan umumy standarta laýyk gelýän buzly meýdança ýerleşýär. Onuň töwereginde 2 müň 944 tomaşaçy orunlyk münberler bar. Sportuň suwdaky görnüşleri üçin sport merkezi 2 müň 97 tomaşaça niýetlenendir. Meýdany 16 müň 356 inedördül metr üç gatly binada Halkara ýüzüş federasiýasynyň (FINA) düzgünlerine laýyk gelýän sport we sinhron ýüzüş, suwda pökgi oýnamak üçin niýetlenen olimpiýa howuzlar bar. Mundan başga-da, türgenleşikler üçin howuzlar we beýikligi 10 metr, 7,5, 5 we 3 metr bolan suwa bökmäge niýetlenen belentlikler bar. Şeýle hem, çagalar üçin howuzlar, suw owkalamasy bolan howuz, sport zaly, ýüzmek we suwa bökmek okuwlaryny geçmek üçin enjamlaşdyrylan türgenleşik zaly bar. Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, toplum ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Myradym” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Durmuş ähmiýetli taslamanyň ýerine ýetirilmegi köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary gazanylanlar sportuny ösdürmäge, olaryň hataryna ýaşlaryň barha köp sanlysyny çekmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Hazar deňziniň kenar ýakasynyň amatly howa ýagdaýy we dikeldiş häsiýetli baý kuwwaty, innowasion, öňdebaryjy binagärlik we inženerçilik-tehniki pikirlere tarap alnan ugurlar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň halkara syýahatçylyk we şypahana-dynç alyşynda bolşy ýaly, sportda hem ykrar edilen merkez bolmagy üçin zerur bolan hemme ýagdaýlary döredýär.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow