Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet işgärlerini sarpalamak dabarasy geçirildi.
Medeniýet
Döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet işgärlerini sarpalamak dabarasy geçirildi.
Çap edildi 22.03.2017
2503

Mary welaýatynyň Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda, döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini we bilim ulgamynyň işgärlerini sarpalamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýraklary bilen sylaglanyldy. Bu baýramçylyk güni Ruhyýet köşgünde dabara gatnaşmak üçin ýygnananlaryň hatarynda hökümet agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Mary welaýatynyň we şäheriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, döredijilik işgärleri, ýaşulular we okuwçy ýaşlar bar. Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakyndaky Permany, şeýle hem raýatlaryň bir toparyny pul baýraklary bilen sylaglamak hakyndaky Karary dabaraly ýagdaýda okalýar. Şahyrlar we ýazyjylar, režissýorlar we artistler, aýdymçylar, sazandalar we kompozitorlar, žurnalistler, döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylary, bu ulgamda işleýän hünärmenler, hormatly dynç alyşdaky adamlar biri-biriniň yzyndan sahna çykýarlar, olar öz zähmetine berlen ýokary baha, döwlet Baştutanymyz tarapyndan edilýän ýadawsyz alada we özlerine berilýän aýratyn üns, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň gaýtadan dikeldilmegi hem-de ösdürilmegi, ýurdumyzda döredijilikli işlemek üçin ähli şertleriň döredilýändigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow