Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipelere belledi
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipelere belledi
Çap edildi 02.03.2017
1632

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permanlara gol çekip, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny belledi. Döwletdurdy Täçdurdyýewiç Hajyýew “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenilip, ol “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlary bilen şeýle hem: Toýlymyrat Myradowiç Myradow Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministriniň galla we pagta önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek boýunça orunbasary wezipesine bellenildi; Jumanazar Annaýew Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministriniň oba hojalyk tehnikalary we gurallary boýunça orunbasary wezipesine bellenilip, ol Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Begmyrat Gurbangeldiýewiç Ataýew Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. Merjen Gündogdyýewna Geldiýewa Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwletmyrat Nurberdiýewiç Bäşimow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine bellenildi.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow