Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 01.03.2017
1284

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden we mähirli gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Rustam Minnihanowyň baştutanlygynda doganlyk Tatarystanyň syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýokary üstünlikler gazanandygyny belläp, onuň Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berdi hem-de özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň köpýyllyk däplerine daýanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine tüýs ýürekden bagt, berk jan saglyk we gujur-gaýrat, şeýle hem jogapkärli döwlet wezipesinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow