Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Baştutany sebit üpjünçilik ulgamyny ösdürmäge Owganystanyň gatnaşmagynyň möhümdigi barada aýtdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Baştutany sebit üpjünçilik ulgamyny ösdürmäge Owganystanyň gatnaşmagynyň möhümdigi barada aýtdy
Çap edildi 01.03.2017
1284

Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän sebitleýin ähzmiýektli giň möçberli taslamalar barada aýdyp, YHG-nyň çäklerinde energetika we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi beýleki düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna oňyn täsirini ýetiräýr. Hususan-da, gurluşygy alnyp barylýan turba geçirijileriniň ýanynda täze elektrik ulgamyny we beýleki aragatnaşyk desgalaryny gurmak mümkinçiligi barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň gatnaşmagynda elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky üçtaraplaýyn resminama gol çekilendigini aýtdy. Oňa laýyklykda, Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektroenergiýasyny ugratmak üçin degişli düzümleriň döredilmegi göz öňünde tutuldy. Häzirki döwürde optiki-süýüm ulgamyny çekmek taslamasy boýunça üçtaraplaýyn görnüşde zerur işler alnyp barylýar. 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda Owganystan boýunça ýedinji Sebitara-ykdysady maslahaytnyň geçiriljekdigini belläp, döwlet Baştutangymyz bu ýorumyň dowamynda şunuň ýaly sebitleýin ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen jike-jik tanyşyljakdygyny aýtdy. hormatly Prezidentimiz Owganystanda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ylylyaşygyň amala aşyrylmagynyň sebitiň ösüşiniň möhüm şertidigini belledi. Ähli syýasy-diplomatik tagallalar we başlangyçlar hut şu maksada ýetmäge gönükdirilendir, bu bolsa goňşy Owganystanda durnukly ýagdaýyň emele gelmegine, ýurtda durmuş-ykdysady düzümleriň dikeldilmegine ýardam berer diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda Owgansytana anyk ykdysady we ynsanperwer kömegini berýär. Munuň özi goňşy ýurduň çäginde lukmançylyk we bilim edaralarynyň gurluşygynda, arzan baha bilen elektroenergiýasynyň ugradylmagynda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde owgan talyplarynyň bilim almagynda, yzygiderli ynsanperwer ýükleriniň ugradylmagynda we beýleki çärelerinde öz beýanyny tapýar. Bu işleriň hemmesi Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna malýieleşdirilýär. Şeýle goldawlar mundan beýläk-de berler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Häzirki döwürde Owganystanyň içerki syýasy ýagdaýynda belli bir oňyn görkezijileriniň emele gelýändigini bellemeli. Munuň özi hemmetarpalaýyn goldawa mätäç ýagdaýdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Owganystanyň iri sebitara we halkara düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçi rilmegine gatnaşmagy bu ugurdaky netijeli gurallaryň biri bolup durýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz munuň Owganystan üçin oňyn geljegi, onuň sebitara we ählumumy meselelerde eýeleýän ornuny, owgan halkynyň rowaçlygynyň we abadançylygynyň kepilini ykrar edýändigini belledi.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow