Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti YHG agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny Aşgabatda geçirmegi teklip etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti YHG agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny Aşgabatda geçirmegi teklip etdi
Çap edildi 01.03.2017
1238

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde eden çykyşynda häzirki zaman ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip aýtdy. Türkmenistanyň ulag ulgamyny ösdürmegiň milli maksatnamasy şu ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen baglydyr. Biziň ýurdumyz iri üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny öňe sürýär we olary daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamalaryň hataryna Gazagystan-Türkmenistan –Eýran, Türkmenistan –Owganystan-Täjigistan transmilli demir ýollarynyň gurluşygyny, Özbegistan-Türkmenistan –Eýran-Oman, Owganystan-Türkmenistan –Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegini degişli diýip aýtdy. “Demirgazyk-Günorta”, “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça beýleki ulag taslamalary barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz olaryň amala aşyrylmagynyň YHG agza ýurtlaryň bähbitlerine laýyk gelýändigini belledi. 2014-nji we 2015-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň hyzmaty barada Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki Rezolýusiýa kabul edildi. Bu resminamalar 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulagmy boýunça ilkinji Ählumumy maslahaty geçirmek üçin hukuk esasyny döretdi. Ýokary derejeli bu maslahatyň çözgütlerini durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çagyrdy hem-de şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Aşgabatda bu Gurama agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny geçirilmegi teklip etdi.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow