Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanyň medeniýet we maglumatlar syýasatynyň esasy ugurlary kesgitlenildi
Medeniýet
Türkmenistanyň medeniýet we maglumatlar syýasatynyň esasy ugurlary kesgitlenildi
Çap edildi 26.02.2017
2594

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçylary şu gün maslahat geçirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu pudaklaryň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça ilkinji nobatdaky çäreleriň maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurdumyzyň medeniýeti, sungaty we halk döredijiligi, taryhy ýadygärlikler, muzeýler, kitaphanalar, teatrlar we beýlekiler Türkmenistanyň häzirkizaman keşbiniň aýrylmaz bölegidir. Soňky ýyllarda halk däp-dessurlarynyň gaýtadan dikeldilmegine, ýaş nesliň milli mirasyň dünýäsine çekilmegine, ilatyň dynç alşynyň guralyşyna, aň-bilim işleriniň geçirilişine aýratyn üns berilýär. Maslahata gatnaşyjylar ugurdaş düzümleriň we guramalaryň işleriniň netijelerine garamak bilen ýakyn geljek üçin meýilnamalary kesgitlediler. Olaryň baş maksady dünýä jemgyýetçiliginiň biziň ýurdumyza diňe bir ykdysady babatda däl-de, eýsem ruhy we döredijilik babatda hem ýokary derejedäki döwlet hökmünde tanamaklaryny emele getirmekden ybaratdyr. Munuň üçin medeniýet edaralarynyň, syýahatçylyk guramalarynyň işlerini ilerletmek boýunça, döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça taslamalary goldamagyň toplumlaýyn çäreleri kesgitlenildi. Maslahatyň barşynda şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny şöhlelendirmek, Oýunlaryň geçirilýän günlerinde medeni, köpçülikleýin çärelerini guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Habar berlişi ýaly, bu maksat bilen ýörite iş maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy. Täzeden bellenilen medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň öňünde hünär derejesini ýokarlandyrmak, iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmek wezipeleri goýuldy. Medeniýet edaralarynyň, telewideniýäniň we radionyň, gazet-žurnallaryň, elektron neşirleriň işlerindäki täze usullar olaryň işlerine täze ruhubelentlik öwüşgünlerini çaýmalydyr, medeniýet ulgamy döredijilikli, özgerdiji, innowasiýalar başlangyçlarynyň ýol görkezijisi bolmalydyr.

Soňky habarlar
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
top-arrow