Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Durmuş ulgamynyň pudaklarynyň maglumatlaşdyrylmagy-milli ösüşiň ileri tutulýan ugry
Syýasy habarlar
Durmuş ulgamynyň pudaklarynyň maglumatlaşdyrylmagy-milli ösüşiň ileri tutulýan ugry
Çap edildi 25.02.2017
1277

Şu gün Ministrler Kabinetiniň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary düzümleriniň öňünde durýan wezipeler boýunça iş maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda bu düzümlerdäki guramaçylyk meseleleriniň netijeleri we ondan gelip çykýan wezipeler kesgitlendi hem-de olary ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynyň barşynda bu düzümleriň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigi bellenilip, olaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň baş talabydygy barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 24-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň maslahatynda belleýşi ýaly ylym we bilim ýurtda gazanylýan üstünlikleriň hem-de geljekki ösüşleriň esasy bolup durýar. Häzirki döwürede milli ykdysadyýetimiiň ähli ulgamlarynda täzeçil tehnologiýalar işjeň ulanylyp, öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanylýar hem-de olaryň esasynda giň möçberlt maksatnamalar we meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda maslahatda edilen çykyşlarda ylym we bilim ulgamlarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, aýratyn-da, ýokary hünärli ýaş alymlaryň täze nesliniň taýýarlanmagy, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatda milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlarynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Şeýle hem maslahatyň dowamynda bu ulgamlaryň öňünde durýan wezipeler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary barada aýdylyp, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron materiallar hem-de degişli usullar esasynda kämilleşdirmegiň zerurdygy barada nygtaldy. Döwlet Baştutanymyzyň sanly okuw serişdeleri we enjamlary mugallymlar hem-de okuwçylar üçin elýeterli bolmalydygy barada aýdanlaryndan ugur alnyp, şu maksat bilen ugurdaş döwlet edaralary bilen bilelikde sanly bilim ulgamy baradaky konsepsiýany işläp taýýarlamagyň zerurdygy barada aýdyldy. Mundan başga-da, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, keselleriň öňüni almak, bejerişiň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak we bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmek babatdadöwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pieir alyşmalar boldy. Aýtaryn-da, bu duzumler boýunça täze bellenilen ýolbaşçylaryň öňünde hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümler bilen sazlaşykly iş alyp barmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, aýratyn-da ylmyň ýokary gazananlaryny özleşdirmek, şeýle hem degişli ugurlar boýunça ylmy açyşlary işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly jogapkärli meseleleriň durýandygy barada aýdyldy. Maslahatda çykyş edenler özüne bildirilen ynam we döredijilikli işlemek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňlerinde durýan jogapkärli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow