Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy
Çap edildi 17.02.2017
1331

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde geçirilýän wezipä girişmek dabarasynda Prezident wezipesine girişmek bilen söz sözledi. Döwlet Baştutanymyz özüne bildirilen ýokary ynam üçin ähli watandaşlarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine beýleki dalaşgärleriň adyna hem minnetdarlyk sözleri aýdyldy. Saýlawlaryň öň ýanyndaky bäsdeşikleriň ähli tapgyrlarynda olar ýokary medeniýeti wehünär derejesini, ýolbaşçy wezipeleri eýelemäge mynasypdyklaryny görkezdiler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Häzirki wagtda Türkmenistan ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biz şu döwri okgunly ösüş hem-de iri möçberli özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylýan zamanasy diýip häsiýetlendirýäris. Biziň Garaşsyz döwletimiz indi ýigrmi bir ýyldan gowrak wagt bäri hemişelik Bitaraplyk derejesinden ugur alyp, halkara gatnaşyklaryny ösdürmek işlerimizi amala aşyrýarys. Biziň ýurdumyz dünýäniň döwletleri we halklary bilen dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýar. Ýüze çykýan ähli meseleleriň parahatçylykly serişdeler arkaly çözülmegi ugrunda çykyş edýär . Şunuň bilen baglylykda, biziň döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň esasy ýörelgeleri ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi bolup durýar. Geljekde hem bu ýörelgeler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galar. Biz geljekde hem ähli döwletler we halklar bilen söwda-ykdysady, medeni ynsanperwer gatnaşyklary, bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdüreris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow