Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: saýlawlarda özümiň goldanylmagymy gazanan üstünliklerimiziň netijesi hökmünde kabul edýärin
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: saýlawlarda özümiň goldanylmagymy gazanan üstünliklerimiziň netijesi hökmünde kabul edýärin
Çap edildi 15.02.2017
1440

Döwlet Baştutanynymyz Prezident saýlawlarynyň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde çykyş edip, saýlaw uçastoklaryna gelip ses berenleriň ählisine minetdarlygyny beýan etdi geçirdi. Bu saýlawlarda mähriban halkymyň maňa bildiren uly ynamy meni galkyndyrýar. Geçirilen saýlawlaryň netijeleri soňky bäş ýylyň dowamynda amala aşyrylan oňyn özgertmeleri halkymyzyň doly goldaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. “Bu saýlawlarda meni halkymyzyň giňden goldamagy soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde amala aşyran işlerimiziň, gazanan üstünliklerimiziň netijesi diýip pikir edýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Geçirilen saýlawlaryň netijeleri soňky bäş ýylyň dowamynda amala aşyrylan oňyn özgertmeleri halkymyzyň doly goldaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen durnukly ösýändigini, döwletimiziň daşary syýasatda oňyn netijeleri gazanýandygyny, ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny görkezýär. Gazanylan bu üstünlikler berkarar Watanymyzyň kuwwatyny has-da pugtalandyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz geljek ýedi ýylda hem mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de yzygiderli ösmegi ugrunda yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekjekdigine, ýurdumyzyň Hökümetiniň we Howpsuzlyk geňeşiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň netijeli we üstünlikli işlemegi üçin ähli zerur çäreleri amala aşyrjakdygyna ynandyrdy. Hormatly Prezidentimiz Ýurdumyzda neşekeşligi we beýleki ýaramaz endikleri düýp-teýkary bilen ýok etmek üçin barlyşyksyz göreş alyp barmagyň ilkinji nobatda durýan möhüm wezipelerdigini belledi. Alyp barýan daşary syýasatymyzda hem hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza esaslanyp, dünýä bileleşiginde Garaşsyz Watanymyzyň milli bähbitlerini yzygiderli gorap çykyş ederis diýip, döwlet baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda senagaty yzygiderli ösdürmek, öňdebaryjy, täze tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin geljekde hem ähli zerur çäreleriň görüljekdigini belledi. Biziň tagallalarymyzyň baş maksady halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýdyp, milli Liderimiz öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow