Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemlerini yglan etdi
Syýasy habarlar
Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemlerini yglan etdi
Çap edildi 15.02.2017
1501

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisininiň barşynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň jemleri barada habar berdi. Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy saýlaw uçastoklarynyň 2587-siniň döredilendigini, şolaryň 2548-siniň ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda, 39-synyň bolsa Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň we edaralarynyň ýanynda döredilendigini habar berdi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-sy hasaba alyndy. Olaryň 3-si syýasy partiýalar tarapyndan, 6-sy bolsa raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenildi. Ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlarynyň hem-de ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň wekilleri tarapyndan 3223 synçy bellige alyndy. Şeýle hem ýurdumyzda halkara synçylarynyň işi barada aýdyldy. Olar saýlaw çärelerine taýýarlygyň we saýlawlaryň geçirilişi bilen tanyşdylar. Abraýly guramalaryň, hususan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň Adam hukuklary we demokratik institutlar boýunça býurosynyň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň, Şanhaý hyzmatdaşlyk edarasynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy-- Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedewiň ýolbaşçylygynda synçylar topary, ABŞ-dan, HHR-e, Türkiýe Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Awstriýadan, Malaýziýadan bolan halkara hem-de garaşsyz synçylar paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky saýlaw uçastoklaryna baryp görmäge hem-de saýlaw çäresiniň barşy bilen ýerinde tanyş bolmaga, saýlawlaryň aç-açanlykda we adalatly geçendigine göz ýetirmäge mümkinçilik aldylar. Soňra ählihalk ses bermegiň maglumatlary beýan edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Ahal, welaýaty boýunça saýlawçylaryň 97,25 göterimi, Balkan welaýaty boýunça -- 96,51 göterimi, Daşoguz welaýaty boýunça -- 98,02 göterimi, Lebap welaýaty boýunça -- 97,07 göterimi, Mary welaýaty boýunça -- 97,15 göterimi hem-de Aşgabat şäheri boýunça -- 97,15 göterimi ses bermäge gatnaşdylar. Tutuş ýurdumyz boýunça ses bermäge hukugy bolan 3 252 243 saýlawçydan 3 163 692 adam ýa-da saýlawçylaryň umumy sanynyň 97,28 göterimi ses berdi. Saýlawlaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow 1,02 göterim, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew 0,21 göterim, “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Atalyýew 0,36 göterim, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 97,69 göterim, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory Ramazan Durdyýew 0,15 göterim, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary Meretdurdy Gurbanow 0,17 göterim, Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdiriýetiniň başlygy Serdar Jelilow 0,25 göterim, Balkan welaýatynyň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow 0,09 göterim we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow 0,06 göterim ses aldylar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw topary dalaşgär Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň sesleriň aglaba köplügini (97,69 göterim) alyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny ykrar etdi.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow