Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleri özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny kesgitlediler
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleri özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny kesgitlediler
Çap edildi 14.02.2017
1278

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon gepleşigi geçirildi. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Gazagystanyň dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar. Prezident Nursultan Nazarbaýew milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy 12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimize jogapkärli döwlet wezipesinde türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Bu saýlawlar döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasy ugruna ählihalk goldawyny aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň Prezidenti gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Gazagystanyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Telefon gepleşiginiň barşynda goňşy döwletleriň baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we ileri tutulýan ugurlaryny ala alyp maslahatlaşdylar. Şunda olar ozal gazanylan ylalaşyklaryň we geljegi uly meýilnamalaryň amala aşyrylmagy bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna aýratyn üns berdiler. Iki ýurduň Liderleri türkmen-gazak gatnaşyklaryna mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ähli ugurlarda, ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we giňeltmek üçin amatly şertleriň bardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, bellenilişi ýaly, ýokary we hökümetara derejelerindäki, şol sanda Hökümetara türkmen-gazak toparynyň hem-de bilelikdäki Işewürler geňeşiniň işleriniň çäklerindäki yzygiderli gatnaşyklaryň iki ýurduň ägirt uly mümkinçiliklerine gabat gelýän döwletara gatnaşyklarynyň depginlerini we hilini artdyrmaga mümkinçilik berer. Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň esasyny düzýän ynsanperwer ugruň möhümdigini belläp, bu ugurda netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda pikirlerini beýan etdiler. Munuň özi doganlyk goňşy halklaryň köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklary bilen şertlendirilendir. Şeýle hem telefon gepleşiginiň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän möhüm sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarly bolup galýandygy tassyklanyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Nursultan Nazarbaýewi Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy. Döwlet Baştutanlary söhbetdeşligiň ahyrynda birek-birege jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň doganlyk halklaryna bagt we abadançylyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow