Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Özbegistanyň Baştutany türkmen kärdeşini Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan jogapkärli işinde täze uly üstünlikler arzuw etdi. Prezident Şawkat Mirziýoýew öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däp bolan, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köp ýyllaryň dowamynda berk hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we ýardam bermek ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesiniň hem-de sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň ýakyndygynyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklary üçin mundan beýläk-de ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar hem-de iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary babatda gatnaşyklaryň esasy ugurlarynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi özara gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk ulgamda, türkmen we özbek halklarynyň taryhyň dowamynda emele gelen ruhy we medeni umumylygyna esaslanýan ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Şunda parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy saklamak maksady bilen tagallalary birleşdirmek işinde taraplaryň işjeň orny eýeleýändigi tassyklanyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy. Hoşlaşanlarynda, söhbetdeşler ilkibaşdan hoşniýetli erk-isleg, netijelilik we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we birek-birege berk jan saglyk, üstünlik hem-de iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.