Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň giň gerimli özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ähli pudaklar boýunça ileri tutulýan wezipeler we önümçilik meýilnamalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň durmuş-ykdysady ösüş görkezijileri, özleşdirilmegi meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberi şu ýylyň 13-nji fewrаlynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kesgitlenendir.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» esasynda işlenip taýýarlanylan resminamany tassyklamak hakynda degişli Karara gol çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz şu ýyl üçin anyk maksatlary we meýilnamalary kesgitledi. Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmegiň, önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işletmegiň, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 5 müň 300-e golaý täze iş ornuny döretmegiň möhümdigi nygtaldy.
Kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýynyň 72,9 göterime ýetirilmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. 2026-njy ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýete gönükdirilmegi göz öňünde tutulan maýa goýum serişdeleri, takmynan, 41,2 milliard manat möçberinde kesgitlenildi. Ykdysadyýetimiziň geçen ýarym ýyldaky ösüş netijeleri barada aýdylanda, maksatnamalaýyn resminamalara laýyklykda, ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerini, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly ýagdaýda saklamak, milli ykdysadyýetiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Şeýle hem pudaklary toplumlaýyn ösdürmek, senagat-innowasion ösüş derejesini ýokarlandyrmak, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak ugrunda degişli çäreler görülýär.
2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen wezipelerden ugur alnyp, eksport ugurly, importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmegiň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak göz öňünde tutulýar. Tassyklanan meýilnamalara laýyklykda, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişi artdyrylýar, azyk howpsuzlygy pugtalandyrylýar, döwrebap sanly tehnologiýalar, “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgesi ornaşdyrylýar, ilata edilýän ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat, durmuş we beýleki hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň degişli maksatnamasynda şu ýyl üçin kesgitlenen esasy wezipeleri üstünlikli çözmegiň wajyplygyndan ugur alnyp, amatly işewürlik gurşawyny döretmek arkaly kiçi we orta telekeçiligi depginli ösdürmäge, döwlet-hususy ulgama degişli gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen işler amala aşyrylýar. Işjeň maýa goýum syýasaty alnyp barylýar, önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklaryna gönükdirilýän maýa goýumlar artdyrylýar. Täze önümçilikler işe girizilýär, sebitlerde täze iş orunlary döredilýär. Maksatnama laýyklykda, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, girdejilerini yzygiderli artdyrmak we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler durmuşa geçirilýär.
10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň jemlerine berlen seljerme we onda beýan edilen görkezijiler pudaklaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilýändigine şaýatlyk edýär. Alty aýyň dowamynda, meýilleşdirilişi ýaly, 6,3 göterim derejede saklanan esasy makroykdysady görkeziji — jemi içerki önüm munuň aýdyň mysalydyr. 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artdyryldy we ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça işler dowam etdirildi. Ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş orunlary bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak babatda zerur çäreler geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň artdyrylýandygy, pudaklara sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygy nygtaldy. Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 309 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda alnyp barylýar.
«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 18 milliard 600 million manada golaý düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim köpdür we ol jemi içerki önümiň 16,5 göterimine deňdir. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 45,1 göterimi önümçilik, 54,9 göterimi durmuş-medeni maksatly binalara gönükdirildi. Oba hojalyk pudagynda maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň ýokary derejesi — 135,5 göterim bellige alyndy. Eksport ugurly esasy pudaklara, şol sanda nebitgaz toplumyna, dokma we himiýa senagatlaryna iri maýa goýumlar gönükdirildi. 16-njy iýulda Tbilisi şäherinde geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysady ösüşi babatda birnäçe anyk görkezijileri mysal getirdi. Hususan-da, häzirki döwürde taýýar suwuk nebit önümleriniň Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlaryna durnukly eksport edilýändigi bellenildi. Ýurdumyzda öndürilýän taýýar dokma önümleriniň möçberi ýylda 130 müň tonnadan hem geçýär we olaryň umumy möçberiniň 80 göterime golaýy eksporta iberilýär. Oba hojalyk pudagy-da maýa goýumlaryň, hususy pudagyň ösüşiniň netijesinde eksport mümkinçiligini artdyrýar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň ekologik taýdan arassa azyk harytlaryny iberýän iri ýurtlaryň biri bolmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanyň eksporta gönükdirilen harytlaryna bolan daşarky islegler bilen bir hatarda, içerki talaplar hem-de sarp edijilik ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýji bolup hyzmat edýär. Geçen ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nygtalyşy ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 7,5 göterim artdy. Ykdysadyýetiň ösüşi karzlaşdyryş — telekeçilik pudagy üçin korporatiw karzlar, ilat üçin bolsa sarp ediş we ipoteka karzlary arkaly hem höweslendirilýär. Karzlar kärhanalara önümçiligi giňeltmäge, enjamlary satyn almaga, innowasiýalary ornaşdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi jemi içerki önümiň ösmegine, senagat kuwwatynyň artdyrylmagyna gönüden-göni täsir edýär. Ilat üçin niýetlenen karzlar söwda we gurluşyk pudaklaryny goldamak arkaly ýaşaýyş jaýlaryna, iri sarp ediş harytlaryna bolan islegi ýokarlandyrýar.
2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýurdumyzyň banklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatda şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete gönükdirilen karzlaryň möçberiniň, geçen ýylyň degişli senesi bilen deňeşdirilende, 7,4 göterim, ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen karzlaryň 23,6 göterim, şahsy adamlara berlen karzlaryň bolsa 24,5 göterim artandygy bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlaryň möçberi 17,6 göterim köpeldi.
Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri barada aýtmak bilen, milli manadyň hümmetini durnukly saklamaga, Döwlet býujetiniň durnuklylygyny üpjün edýän salgyt ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlary yzygiderli artdyrmagyň, bank işini kämilleşdirmegiň, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetine üns çekildi. Şunda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, ähli pudaklarda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň dowam etdirilmegi möhümdir.
Häzirki wagtda dürli pudaklarda üstünlikli iş alyp barýan hususy pudak hem milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşine uly goşant goşýar. Muňa Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şu ýylyň birinji ýarymyndaky görkezijileri-de aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, birleşme boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109 göterim, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 110,3 göterim derejesinde üpjün edildi. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyzyň Tbilisidäki Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynda eden çykyşynda hem ýurdumyzyň telekeçiliginiň netijeli ösdürilýändigi barada giňişleýin durup geçendigini bellemek gerek. Hususan-da, soňky ýyllarda gurluşyk serişdelerini, metal, plastik, kabel we elektrotehnika önümlerini öndürýän kuwwatly önümçilikler ýola goýuldy. Döwlet tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn goldaw innowasion önümçilikleri döretmek, önümleriň we hyzmatlaryň möçberini artdyrmak üçin hususy pudagyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga ýardam berýär.
Ýurdumyzyň telekeçileri oba hojalyk toplumyny özgertmäge mynasyp goşant goşýarlar, bu pudakda olaryň paýy aýratyn uludyr. Olar täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyryp, ýetişdirilýän gök we miwe önümleriniň görnüşlerini giňeldýärler, innowasion ýyladyşhana hojalyklaryny döredýärler. Netijede, içerki bazarda azyk bolçulygyny pugtalandyryp, ekologik taýdan arassa iýmit önümleriniň eksport möçberini artdyrýarlar.
Türkmen gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýetişdirilip, bu ugurdaky meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi 2026-njy ýylyň oba hojalyk toplumynda gazanylan uly üstünlikleriň biri boldy. Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýygnalan bol galla hasylynyň halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydygyny, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidigini kanagatlanma bilen belledi.
Ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça giň möçberli taslama badalga berilmegi senagat pudagynda ýarym ýylyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň biridir. Şu ýylyň martynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) arasynda bu tapgyryň desgalaryny taslamalaşdyrmak we gurup ulanmaga bermek barada şertnama baglaşyldy. Aprel aýynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga berildi.
“Berkarar Watanymyzyň örän baý nebitgaz serişdeleriniň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbidine netijeli ulanylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny yzygiderli ýokarlandyrmaga hyzmat edýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz bu waka mynasybetli geçirilen dabaradaky çykyşynda belledi. Bu täze giň möçberli taslama badalga berilmegi diňe bir gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyny däl, eýsem, ilatymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine iş orunlarynyň döredilmegini, maýa goýumlaryň çekilmegini, geljek ýyllar üçin durnuklylygy aňladýar.
Umuman, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji alty aýynda gazanylan ykdysady ösüşler milli maksatnamalaryň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin berk binýady döredýär. Bu döwürde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geçirilen halkara pudaklaýyn sergiler, maslahatlar, işewürlik forumlary hem ykdysadyýetiň ösmegine oňaýly täsirini ýetirýär. Pudaklara öňdebaryjy tehnologik çözgütleri ornaşdyrmaga, kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, iň gowy dünýä tejribesini ulanmaga aýratyn üns berýän ýurdumyz olara netijeli tejribe we pikir alyşmak, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek hem-de uzak möhletleýin işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly meýdança hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyň çygrynda milli ykdysadyýetimiziň ösüş mümkinçilikleri şu ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köpugurly dialogy giňeltmegiň çäklerinde geçirilen “Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler” atly işewürlik maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Pikir alyşmalaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze gurallaryny döretmegiň möhümdigine üns çekildi. Hususan-da, ählumumy söwda giňişligine goşulyşmagyň, milli ykdysadyýetleri halkara standartlara uýgunlaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi.
Foruma gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklary kämilleşdirmegiň, telekeçiligiň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, ýurdumyzyň hususy pudagynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen baglanyşykly mesele çykyşlarda aýratyn üns merkezinde boldy. Munuň özi daşary ýurt maýa goýumlaryny we ýokary tehnologiýalary çekmek üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen, senagat pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini artdyrmaga ýardam berer.
Ulag-logistika baglanyşygyny berkitmek, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine garalmagy ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin wajyp ähmiýete eýedir. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, hususy pudagynyň wekilleri ýewropaly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary geçirdiler. Işewürlik maslahatynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmäge, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Geçirilen pikir alyşmalar we baglaşylan ylalaşyklar Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge kuwwatly itergi berip, hyzmatdaşlygy anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrar.
Maý aýynda geçirilen «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergide Türkiýeden, Hytaýdan, Russiýadan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Gresiýadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan işewürlik düzümleriniň wekilleri gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar. Ýurdumyzyň hünärmenleri obasenagat, gaplama we tehnologik enjamlar boýunça ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalarynyň innowasion işläp taýýarlamalary, döwrebap hyzmat ediş çözgütleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Sergi milli oba hojalyk toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak ugrunda täze gözýetimleri açdy. Şunda ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylymlaryny, hususan-da, tohumçylygy ösdürmek, täzeçil usullary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary, dolandyryşyň we bazaryň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenendir.
Iýun aýynyň başynda geçirilen “Turkmentextile Expo — 2026” atly halkara sergi-ýarmarka hyzmatdaşlary milli ykdysadyýetimiziň dokma pudagynyň mümkinçilikleri, öňdebaryjy gazananlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Sergä kompaniýalaryň 100-e golaýy diwarlyklary bilen gatnaşdy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ugurda iş alyp barýan agzalary, daşary ýurtlardan dokma enjamlaryny, dokma senagaty üçin boýag hem-de himiki serişdeleri, çig mal, gaplaýjy we önümçilik serişdelerini öndüriji, üpjün ediji kompaniýalar bar. Giň gerimli gözden geçiriliş dokma pudagynyň täze önümleri bilen tanyşdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge, eksport önümleri üçin täze bazarlary açmaga amatly şertleri döretdi.
Syndan görnüşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň orta we uzak möhletli milli maksatnamalarynda kesgitlenen möhüm wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilip, olar özgertmeleri amala aşyrmaga, pudaklaryň işini strategiýalaryň hem-de taslamalaryň esasynda täzeden guramaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.